“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i “TürkmenTel 2019” atly sergisinde.

Ýazylan 01.12.2019

2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-28 günleri aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde 12-nji Halkara we IT senagaty boýunça “TürkmenTel 2019” atly sergisi geçdi. Geçen ýyllardaky ýaly, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i bu sergide öz myhmanlaryny garşy aldy.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i Türkmenistanyň çäginde hemra aragatnaşyk ulgamy boýunça ýeketäk operatory bolmagy bilen, Newtec Dialog platformasy arkaly täze biznes mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistanyň çäginde we çäkleriniň daşynda gün-günden öz ýerine ýetirýän hyzmatlaryny artdyrýar.

Biziň ýurdumyzda her ýylda geçirilýän sergi, öz gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna, Türkmenistanyň aragatnaşyk, ýaýlyma bermek we IT-hyzmatlary boýunça ýeten täsir galdyryjy üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrmagy hödürleýär, şeýle-hem, dünýä telekommunikasiýa senagatynyň innowasiýasy, häzirki wagtdaky tendensiýasy we gelejekdäki ösüşi barada tanyşdyrýär. Soňky 12 ýylyň dowamynda sergi, Türkmenistanyň telekommunikasiýa toplumy üçin esasy wakalaryň biri bolup durýar, şeýle-hem bu sergi telekommunikasiýa we IT-sektorlary boýunça sebitleýin we halkara çäreleriň içinde soňky täzelikleri we ösüşi mälim edýän esasy wakalaryň biridir.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alany bäri ykdysadyýet tarapyndan basym depginde ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin dünýä belli brentlar, ýokary halkara standartlaryna laýyklykda, biziň ýurdumyzda, kommunikasiýa sistemasyny özgertmek boýunça uly depginli taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar. Bularyň içinde Rohde we Schwarz, THALES, Gilat Satellite Networks, Hermes, HUAWEI Technologies, Sony Solutions Group, Nokia Siemens Networks, Tyco Elektroniks, SSI – Monaco, Wide Network Solutions, Chinar Media we beýlekiler bolup durýar.

Serginiň dowamynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň wekilleri, potensial müşderleri we hyzmatdaşlary bilen yzygiderli duşuşyklary geçirdiler, gelejekde ähli taslamalary bilelikde amala aşyrylmagyna garaşylýar we bu bolsa “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygyň ýapýan zolagynda öz abraýyny has-da güýçlendirer.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.