Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze şekilli aýdym: Türkmenistan Ýewropanyň ýüreginde

Ýazylan

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Brýusseliň meşhur ýerlerinde we diplomatik wekilhananyň özünde ilçihananyň goldawy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli düşürilen şekilli aýdymy (klip) dabaraly ýagdaýda hödürledi. Şekilli aýdym Toni atly belgiýaly ýaş aýdymçynyň rep žanrynda aýdan aýdymy esasynda döredildi.

Çärä Ýewropa metbugatynyň, habar beriş serişdeleriniň, ÝB-niň institutlarynyň , seljeriş merkezleriniň wekilleri, dostlukly ýurtlaryň ilçileri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda öz eden çykyşynda Ilçi Sapar Pälwanow Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýeti üçin ähmiýetini, halkyň milli şahsyýetine we ruhy gymmatlyklaryna täsirini, eserleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegini nygtady. Magtymgulynyň «Ýagşydyr» atly goşgusyndan mysal getiren ilçi türkmen medeniýetinden ylham alan aýdymçy Toniniň Türkmenistanyň ilçihanasynyň kömegi bilen ýene beýik şahyryň goşgulary esasynda aýdymlary döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Merkezi Aziýanyň ekologiýasy we taryhy boýunça garaşsyz barlagçy Darýa Soýsal hem çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, dünýä derejesindäki abraýyna ünsi çekdi. Magtymgulynyň eserleriniň ynsanyň ahlak terbiýesine, dostluga, parahatçylyga we öz-özüni ösdürmäge bagyşlanandygyny belläp geçdi. Darýa Soýsal şahyryň:

«Magtymguly, owal özüň düz düzetgil,

Özüňi sen özgelere göz etgil»

diýen setirlerini türkmen dilinde okap, beýik akyldaryň öz-özüňi kämilleşdirmäge we başgalara görelde bolmaga çagyrandygyny nygtady.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylara «Turkmenistan Dreams» şekilli aýdymy görkezildi. Ondan soň myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi. Tagamlardan dadyp görýärkä Toni türkmen telpegini geýip, dutar bilen milli öwüşgindäki aýdymy ýerine ýetirdi.

Ilçihananyň wekili Maral Rahimowa tarapyndan ýazylan bu aýdym halkymyzyň baý medeni mirasyny, gözel tebigatyny we halkyň ruhuny açyp görkezýän waspnamadyr. Onda ýurdumyza edilýän syýahat, Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti we hemmeler üçin ýolgörkeziji bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasy beýan edilýär. Türkmenistan dost-doganlyga sarpa goýýan adamlary, gadymy köklere esaslanýan beýik mirasy, ÝUNESKO-nyň sanawyna giren taryhy şäherleri we medeniýetiň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ajaýyp halylary bilen meşhur bolan ýurt hökmünde görkezilýär. Aýdymda Garagum sährasynyň aýratynlyklary, Hazar deňziniň tolkunlary hakda aýdylýar. Bu aýdym Türkmenistanyň gözelligini we özboluşlylygyny wasp edýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.