Arkadag şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» demirýol menzili gurlar: Onuň daşky görnüşi nähili bolar?

Ýazylan

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry dowam etdirilýär. Meýilleşdirilen gurluşygyň ikinji tapgyrynda umumy bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Saglyk öýleriniň, awtoparklardyr awtoulag menzilleriniň we beýleki binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Geljekki gurluşykda demirýol menziliniň binasy aýratyn orna eýedir. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gurulmagy meýilleşdirilýän demirýol menzili Merkezi Aziýadaky ilkinji «akylly» demirýol menzili bolar.

Demirýol menziliniň 2 gatly binasynyň beýikligi 20 metr bolup, ol sagatda 50 ýolagça hyzmat eder. Onda «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän habar beriji elektron tablolar ýerleşdiriler, «akylly» wideogözegçilikler ornaşdyrylar.

Perronyň üçekleri howa şertleri bilen baglylykda özi açylar we ýapylar. Ýolagçylar üçin myhmanhana, saglyk nokady bolar. Demirýol menziliniň düzüminde tehniki hyzmat ediş binasy, bassyrmaly awtoduralga, köpri, açyk awtoduralgalar, ýöriteleşdirilen tehnikalar üçin bölümi gurmak göz öňünde tutulýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.