Ýazylan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 2024-nji ýylyň iýul aýyndan daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligini döretdi.
Deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.
Gümrük edarasy deslapky maglumatyň ýagdaýy (statusy) barada ony beren şahsa olaryň ulag serişdeleriniň we harytlarynyň ýurdumyzyň çägindäki hereketi barada elektron habar iberýär. Şeýle-de, gullugyň maglumat ulgamynda kabul edilen deslapky maglumat üçin gümrük tölegleriniň käbir görnüşlerini jemläp, aýda bir gezek töleg edilýär.