Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Ýazylan

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň başynda M.Bäşimowa myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda ýokary derejä ýetendigini bellediler we mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalaryň gerimini giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Bu resminamada çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çaganyň saglygy, onuň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilendir.

Diplomatlar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we ileri tutulýan ugurlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.