Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Ýazylan

28 iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. Iri kompaniýanyň ýolbaşçysy ýerine ýetirilýän işler barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik we ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol ata Watanynda iri desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

E.Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Lukman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, durmuş maksatly binalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň, saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunda ak mermerli Aşgabadyň çäklerinde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Soňra lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň oňyn netije berýändigini tassyklaýar.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.

Tanyşlygyň barşynda Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bolan Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutuldy. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz lukmançylyk edaralarynyň şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap derejede abadanlaşdyrylmalydygyna, desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür giň gerimli özgertmeleriň, sanly tehnologiýalaryň eýýamy bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, stomatologiýa ugry boýunça hem kämil usullar, diş bejermegiň häzirki zaman tehnologiýalary ýüze çykdy. Indi sanly tehnologiýalar, şol sanda ýörite maglumatlary özünde jemleýän enjam arkaly adamlaryň agyz boşlugynyň, dişleriniň sagdynlygyny görkezýän we onuň bejerilişini kesgitlemäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň guramaçylyk we hojalyk işlerini talabalaýyk guramaga jogapkärçilikli çemeleşmek, täze merkezlerde işleýän lukmanlaryň sanyna gaýtadan seretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de belent abraýa eýe bolýandygyny nygtady. Gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalaryň 400-den gowragynyň saglygynyň dikeldilmegine ýardam etdi, daşary ýurtlaryň betbagtçylyk zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýüklerini ugratdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly halyny sowgat gowşurdy. Nepis halynyň merkezinde gaznanyň nyşany ýerleşdirildi. Onuň reňkleriniň sazlaşygy, göze gelüwli ak seçekleri nurana arzuwlaryň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ynsanperwerligiň alamatyny özünde jemleýär.

Lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, paýtagtymyzyň çäginde bina edilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurluşyk we enjamlaşdyrylyş işlerine, bu düzümleriň guramaçylyk ýagdaýyna maslahatçy hökmünde tejribeli ýaşuly lukmanlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we olaryň täze gurulýan saglyk merkezlerinde işleriň ýola goýluşyna, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna maslahatçy hökmünde gatnaşmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.