Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady

Ýazylan

Şu gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl dolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny bu şanly sene bilen gutlady. Gutlagda şeýle sözler beýan edilýär:

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlan Arkadag şäheri innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tilsimatlaryna esaslanýan «akylly» şäherdir. Bu ýerde ekologik abadançylyga, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Täze şäherde ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş ulgamlary ösen derejede üpjün edildi. Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda edara we durmuş maksatly desgalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalaryny, başga-da ençeme wajyp binalary özünde jemleýär. Şäheriň halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi bar. Giň şaýollar we köçeler häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäherdäki elektrobuslar, elektromobil taksileri, «akylly» awtoduralgalar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmatlary hödürleýär.

Eziz watandaşlar!

Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy alyp barýan syýasatymyzyň baş ýörelgesidir. Amala aşyrylýan bu tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde hut şeýle asylly maksatlaryň we däpleriň esasynda bina edilen şäherdir. Şäheriň kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. «Akylly» öý tehnologiýalary esasynda bina edilen 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, iki gatly kottejler şäheriň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirýär. Olarda öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň, sanly tilsimatlaryň ulanylmagy ýaşaýjylaryň ösen, döwrebap şertlerde ýaşamaklaryny üpjün edýär.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de innowasion bezeg aýratynlyklary jemlenýär. Bu ýerde toplumlaýyn üpjünçilik ulgamlary şäher ilaty üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döredýär. Täze şäherde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi öz beýanyny tapýar.

Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly toý-dabaralar bilen bellenilýän Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere ýetýän, belent maksatlary öňde goýýan merdana halkymyza we siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, asuda, abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, nurana geljegimiziň nyşany bolan Arkadag şäheri abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýsyn!

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.