Ýazylan 27.10.2023
Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr öz ýurdunyň Türkmenistany megatehnologiýa geçelgesine goşmaga çalyşýandygyny mälim etdi. Informatika jülgesi diýlip atlandyrylýan bu geçelge Stambuldan Baku şäherine çenli uzaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türki resmi saparynyň dowamynda Ankarada geçirilen Türkmenistan – Türkiýe işewürlik forumynda habar berildi.
Onuň sözlerine görä, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk Türkiýäniň we Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşi we innowasiýalar pudagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň megatehnologiýa geçegesine gatnaşmagy maglumat tehnologiýalary pudagynda iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ykdysady ösüşi sazlaşdyrmaga ýardam eder.
Türkiýe durnukly ösüş we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ösdürilmegine düýpli maýa goýýar. Türkmenistan bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi özara bähbitler, innowasiýalar we tehnologiýalaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.