“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Astanada geçirilýän “Digital Bridge - 2023” tehnoforumyna gatnaşdy

Ýazylan 14.10.2023

Astanada geçirilen “Digital Bridge - 2023” tehnologiki forumyna dünýäniň 30 ýurdundan 20 000-den gowrak wekiller we 300 sany IT kompaniýalar, şol sanda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasy gatnaşdy.
Sanly ulgamyň we emeli intellektiň, ylmy we tehnologiki ideýalaryň işlenip taýýarlanmagyna we girizilmegine bagyşlanan bu ýokary derejeli foruma Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem geldi. Ol öz çykyşynda soňky ýyllarda “Digital-Bridge”-iň Merkezi Aziýanyň IT senagatyndaky häzirki we geljekki ösüş ýollaryny ara alyp naslahatlaşmak üçin ägirt uly meýdança öwrülendigini belledi. 12 we 13 oktýabrda, iki günüň dowamynda, önümçiligiň we jemgyýetçilik durmuşynyň sanlylaşdyrmagyň üsti bilen nädip ýokary tizlige, hil we amatlylyk derejesine ýetmelidigi, ilatyň, biznesiň we häkimiýetiň informasion habardarlygynyň ýokarlandyrylmagy barada çykyşlar edildi. Üstünde durlup geçilen esasy temalaryň ýene biri emeli intellekt boldy: ony ykdysadyýetde, senagatda we ylymda nähili usulda ulanyp bolar.
Forumda we IT mekdepleriň sergisinde gurnalan 200-den gowrak sergi meýdançasynda sanly tehnologiýalaryň we emeli intellektiň ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň çalt, amatly we häzirki zaman usullary hödürlendi. “Digital Bridge - 2023”-iň çäginde 30-dan gowrak panel sessiýalary we başga çäreler geçirildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.