Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Ýazylan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.