Ýazylan
Şu günler türkmen halky Gurban baýramyny giňden belläp geçýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlara laýyklykda gurbanlyk sadakalary berilýär.
Şu ýyl Gurban baýramynyň bellenýän günleri 16–17-18-nji iýuna düşýär. Ýurdumyzda şol günler iş güni däl diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýunda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylyň 16-njy iýunyna düşýän dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek baradaky resminama gol çekdi.
Gurban baýramynyň geçirilýän günlerde ýurdumyzyň tanymal bagşylary, sungat işgärleri we çeper höwesjeňler etraplaryň dolandyryş merkezleriniň meýdançalaryndaky bezelen sahnalarda guralýan köpçülikleýin dabaralarda çykyş edýärler.
Belent hiňňildikler, ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwar ýigitler, sport ýaryşlary we milli oýunlar, baýramçylyk dabaralary hem-de naz-nygmatly desterhanlar mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanan medeni çäreleriň umumy keşbini döredýär.
Däp bolşy ýaly, Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalýar.
Gurban baýramynyň bellenýän günleri her öýde myhmanlar üçin baýramçylyk desterhanlary giňden ýazylyp, ýurdumyzyň parahat, ilimiziň asuda bolmagy Beýik Biribardan dileg edilýär.
Goý, Gurbanlyk sadakalaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolup, ýürekleriňiz ýagşylyk we mähir nury bilen dolsun!