Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaфniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

Ýazylan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz taýýardygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.