Türkmenistan «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar

Ýazylan

Türkmenistanyň «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada 14-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergi Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriler. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara çärelere, sergilere, maslahatlara işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bu iri möçberli serginiň söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.