Aşgabatda türkmen-rus parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýazylan

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigini bellediler we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy barada aýratyn durlup geçildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň Merkezi Aziýa döwletleri we Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara gatnaşyklary netijeli hem-de köptaraplaýyn ösdürmäge hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.