Ýazylan
Ýakynda Bern şäherinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajiýewiň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherda ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy syýasat we howpsuzlyk, energetika, tehnologiýalar hem-de «ýaşyl ykdysadyýet» pudaklaryna şweýsar maýa goýumlaryny çekmek, ynsanperwer ýaly çygyrlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi we türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde şweýsar tarapynyň netijeli we hoşniýetli çemeleşmegine umyt bildirildi.
W.Amherd jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Prezident, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ýokardaky ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.