Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ýazylan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.