Ýazylan
30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, «Saglyk» seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň saklanmagy we uzak möhletleýinliginiň, göze gelüwliliginiň göz öňünde tutulmagy wajyp wezipe bolup durýar. Täze şäherde bina edilýän seýilgähleriň bezeg işlerine, olarda dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine, seýilgähiň çäkleriniň germewleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, bu ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, muzeýiň bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Her bir desganyň bezeg aýratynlyklary onuň ähmiýetine laýyk gelmelidir. «Akylly» şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýan edilen haly we haly önümleriniň gölleriniň, nagyşlarynyň şekilleriniň öwrenilip, olar boýunça birnäçe bezeg serişdeleriniň öndürilendigi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygyndaky işleriň ýokary hilli bolmagynyň we olaryň batly depginde dowam etdirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belledi. Şunda Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna-da örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäherde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän işleriň häzirki zamanyň gurluşyk-inženerçilik talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiliniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde D.Orazowyň we G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, olary ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de täze şäherde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň köpugurly hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi, gaznanyň howandarlygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi, çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çaganyň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu ýerde bejergi alýan çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi, körpeleriň Arkadag şäherine gezelençlerini guramak, olaryň dürli hünäriň eýeleri bolmagyny esasy ugur edinýän gurnaklaryň netijeli hereket etmegi bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu çäreleriň lukmançylyk bejergileriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýändigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar edilen düzüme öwrülendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ilerledilmelidigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.