Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Ýazylan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýydyr geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge hem gyzyklanma bildirdiler.

Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmek medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi diýlip, habarda bellenilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.