Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Ýazylan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.