Ýazylan 21.06.2023
2-ýyl arakesmeden soň, "Türkmen hemrasy" ÝGPJ- i we «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy, "TürkmenÄlem52.0E" Milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatyny wagtlaýyn ulanmaga bermek üçin täze şertnama baglaşdy. Hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlary uzakdaky nokat bilen kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisiniň arasynda üznüksiz aragatnaşygy üpjün eder.
Biziň jemgyýetimiz 2020-nji ýyldan bäri bu kompaniýanyň şahamçasy bilen hemra aragatnaşygy bilen üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýär.