Wide Network Solutions we "Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i "TürkmenÄlem 52.0E" üçin uzakmöhletleýin maksatnamalary.

Ýazylan 10.05.2019

Aşgabat,Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 9-njy maýy- Wide Network Solutions, hemra hyzmatlary boýunça dünýäniň iri üpjün edijileriniň biri bolup, hem “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i - Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra operatory bolup,"TürkmenÄlem 52.0E" DTH hyzmatlaryny girizmek hakynda birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler.

Hereket edýän we täze ylalaşyk bilen bir hatarda, Wide Network Solutions Ýewropada, Russiýada, Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda "TürkmenÄlem 52.0E" günbatar şöhlelerini we gündogar kuwwatlylygyny iri halkara radio habar beriş kompaniýalarynda ulanýar.

2019-njy ýylyň maýynda täze ylalaşyga gol çekilenden soňra, WNS DTH täze serwisini goýberdi, ol bolsa France24, TRT World we NHK Japan ýaly birnäçe teleýaýlymlary öz içine alýar.

“Biziň bilelikde gazananymyz, dogrudanam täsin. Hiç kim bu zatlaryň düýbünden mümkin boljagyny pikir edenokdy.Emma biziň wepaly toparymyzyň “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i goldawy bilen "TürkmeÄlem 52.0E" indi dünýäniň ähli künjeginden onlarça hyzmatlary özünde jemleýän hemra hökmünde özüni görkezdi.”-diýip, WNS başlygy Piter Kemeron nygtaýar.

Hemra hyzmatlaryny hödürlemekde, uly bäsdeşlige garamazdan, Wide Network Solutions özüni görkezen ynamdar üpjün ediji bolmaklygy başardy,esasan hem radio habar beriş ulgamlarynda. Uly buýsanç bilen aýdanyňda, Ýakyn Gündogaryň köp tomaşaçylary üçin tele we radioýaýlymlar "TürkmeÄlem 52.0E" üsti bilen translirowaniýe edilýär.Şol sanda bilelikdäki başarnyklarymyz bilen uly üstünliklere ýetmek üçin "TürkmenÄlem 52 0.E" günbatar şöhlesine abraýly teleýaýlymary çekmekligi maksat edinýäris- diýip, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-niň direktory agzap geçdi.

“Biz bu zatlary “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i bolmadyk ýagdaýynda başarmazdyk”- MENE torlarynyň çözgütleri boýunça direktor-Puýa Rad aýdýar. ”Ýaş,zehinli we irnik bolan “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i topary aragatnaşyk hemrasynyň ýerinde güýçli oýunçy bolmak bilen ýurduň ruhy hökmünde hakyky sudury bolup durýar.”

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.