Ýazylan
Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň we Karib sebitiniň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Belgiýanyň Brýussel şäherinde ilkinji bilelikdäki resmi däl duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň anna güni habar bermegine görä, bu duşuşygyň esasy maksady söwda, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, şeýle hem sebitara gatnaşyklary berkitmek boýunça tejribe alyşmakdan ybarat bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa sebitiniň ulag-logistika mümkinçiliginiň ösdürilmegine we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna aýratyn üns berdiler.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow uzak aralyklara garamazdan Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, ýurduň bu formaty goldamaga we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar wiza tertibiniň meselelerini, uçuşlaryň sanyny köpeltmek we uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmek, syýahatçylyk, bilim, sanlaşdyrmak (elektron hökümet taslamalaryny goşmak bilen), medeni we ynsanperwer gatnaşyklary we demokratik institutlary güýçlendirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň, Karib sebitiniň ýurtlarynyň we ÝB-niň arasynda giňişleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen düýpli gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.