Ýazylan
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň onuň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Naýib Bukelä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, El-Salwador Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.