Ýazylan
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzyň astynda Türkmenistanyň beýik başlangyçlara, döwrebap özgertmelere beslenen täze taryhy döwri barha rowaçlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, asuda ýaşamagy ündän wesýetlerine eýerip, milli gymmatlyklary we bähbitleri gorap saklamagy, her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmekde, halk häkimiýetiniň, hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde Konstitusiýamyza esaslanýar we baş ýörelge edinýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Täze taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň berkararlyk binýadyny, kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Döwletimiziň konstitusion gurluşynyň kämilleşdirilmegine, halk häkimiýetliliginiň dabaralandyrylmagyna, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly kanunçylyk esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen bu konstitusion özgertmeler ösen hukuk, syýasy ulgamly döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň tagallalaryňyz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän taryhy günlerinde Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, Aşgabat şäherinde durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasynyň, dürli baýramçylyk çäreleriniň, maslahatlaryň halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde ýokary guramaçylykda geçirilmegi bagtyýar zamanamyzyň, ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr.
Siziň ählumumy abadançylygyň bähbitlerine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatyňyz hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryňyz netijesinde Türkmenistan parahatçylyk döredijiligiň we dost-doganlygyň merkezine öwrüldi. Ýaşyl tugumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasynyň öňünde buýsandyryjy parlap durmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, halkara giňişlikdäki işjeň ornuny has-da şöhratlandyrýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmenistanyň Esasy Kanuny Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygyny, şan-şöhratly geljegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan ähli tutumly işleriň baş maksady gülläp ösýän Türkmenistanda her bir adamyň bolelin, erkana durmuşda ýaşamagyny, eziz Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmak üçin döredijilikli zähmet çekmegini, ýaş nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk syýasy, durmuş-ykdysady binýadynyň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu döwletli tutumlaryň hemişe rowaç boljakdygyna pugta ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.