Ýazylan 10.01.2023
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, we “Aref Marouf LTD” kompaniýasy 2020-nji ýylda göýberilen DTH platformasynyň işiniň gerimini giňeldýär. Alem TV – atly tölegli telekanallaryň prowaýderi hökmünde, eýýäm ýurdymyzda we daşynda meşhurlygy gazanan bu prowaýderiň ýaýlyma berýän telekanallarynyň sany 130-dan geçdi hem-de, SD we HD hilde, 10 000-lerçe öý hojalyklaryna gyzykly kontentlary “VIP” we “Sada” bukjada hödürleýär. “TürkmenÄlem 52°E” Milli emeli hemrasynyň Günbatar we Gündogar şöhlesinden goşmaça transponderleri ulanmaga almak bilen, öň bar bolan şertnama laýyklyk goşmaça ylalaşyk baglaşdylar.