Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

Ýazylan

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir.

Duşuşykda şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi bellenildi. Bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistanyň Bütindünýä sergisiniň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.