Eýran Türkmenistan bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi

Ýazylan

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Tähran şäherinde geçirilen Eýranyň nebiti, gazy, nebiti gaýtadan işlemek we nebithimiýasy boýunça 28-nji halkara sergisiniň (Iran Oil Show 2024) çäginde Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryjy müdiri Majid Çegeni bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Eýran tarapy Türkmenistan bilen gaz alyş-çalşygy we tehniki hyzmatlaryň eksporty babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Myrat Arçaýew öz gezeginde energiýa alyş-çalşygy arkaly Eýran bilen gatnaşyklary berkitmäge we Eýranyň kompaniýalaryna Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga rugsat berilmegine gyzyklanma bildirdi. Bu barada “Iran Press” agentligi şenbe güni habar berdi.

Majid Çegeni Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz pudagynda köpden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy belläp, hyzmatdaşlygy berkitmegiň özara bähbitlerine ünsi çekdi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri şu ýyl Eýranda Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) ministrler derejesindäki duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy we Türkmenistanyň bu foruma agza bolmak mümkinçiligini goldaýandygyny belledi.

Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Tähran şäherinde elektrik energiýasynyň önümçiligi we paýlanylyşy boýunça eýran kompaniýasynyň daşary söwda wekilhanasynyň (TAVANIR) baş direktory Mehrdad Eklimi bilen duşuşdy. Taraplar umumy mümkinçilikleri giňeltmäge we iki döwletiň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasyny gurup ulanmaga bermek boýunça bilelikdäki kärhananyň taslamasyny maliýeleşdirmek işine ýardam bermäge degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.