Ýazylan 20.11.2022
Aşgabat, Türkmenistan, 10-11-nji noýabr, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda “TürkmenTel-2022” XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. “TurkmenTel-2022”, Türkmenistanyň telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýasy we ýaýlym enjamlaryny ösdürmäge bagyşlandy.
Sergä daşary ýurtlardan myhmanlar we hünärmenler çagyryldy. Adaty bolşy ýaly, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i gelen myhmanlary mähirli garşylady. Sergiň dowamynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň hünärmenleri potensial müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanda ikinji aragatnaşyk hemrasy boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär diýip, «Türkmen hemrasy» ÝGPJ-niň direktory Batyr Orazdurdyýew «Türkmentel—2022» Halkara maslahatynyň dowamynda mälim etdi.
— “TürkmenÄlem 52°E” aragatnaşyk hemrasy hyzmat möhletiniň ýarysyny tamamlady. Häzirki wagtda biz ikinji aragatnaşyk hemrasynyň taslamasyny meýilleşdirip başladyk. Munda aragatnaşyk hemrasynyň häzirki ýygylygyny saklamak bilen, döwrebap kosmos tehnologiýalaryny ulanmak arkaly tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak meýilleşdirilýär, goşmaça ýygylyklary ulanmak arkaly gurşaw meýdanyny giňeltmek, şeýle hem ýerüsti infrastrukturany kämilleşdirmek meýilleşdirilýär — diýip, Batyr Orazdurdyýew gürrüň berdi.
Maslahatyň ahyrynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň direktory myhmanlara we hünärmenlere ýüzlenip, “Türkmen hemrasy” içerki we daşary ýurt kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.