"Türkmen hemrasy" ÝGPJ we "Wide Network Solutions" kompaniýasy hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Ýazylan 16.09.2022

Soňky 5 ýylda “Wide Network Solutions” we “Türkmen hemrasy” Ýakyn Gündogar bazarynda hemra transponderlerini ýerlemek üçin bilelikde işläp gelýärler. Hemra aragatnaşygy bazaryndaky prowaýder hökmünde “Wide Network Solutions”, “TurkmenAlem52.0E” hemra aragatnaşygynda dürli mazmunly 90 sany tele we radio kanallaryny (aýdym-saz, habar, güýmenje, syýahatçylyk, taryh we ş.m.) ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýär.

“Wide Network Solutions” kompaniýasy täze şertnama baglaşyp, uzak möhletleýin esasda işini giňeltmek üçin “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-den, “TurkmenAlem52.0E” hemra aragatnaşygy arkaly täze transponder wagtlaýyn ulanmana aldy. Şu nukdaýnazardan, "Wide Network Solutions" kompaniýasy, "Türkmen hemrasy" ÝGPJ-niň strategiki işewür hyzmatdaşydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.