Gülşat Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi

Ýazylan

Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

G.Mämmedowa ozal Arkadag şäheriniň häkimliginiň Umumy bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Şu gün — 6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ol Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.