“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i Emeli hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatyny üpjün etmegi dowam edýär.

Ýazylan 25.05.2022

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, “TürkmenÄlem 52.0 E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly ýokary hilli internet hyzmatyny ýurdumyzyň dürli künjeginde zähmet çekýän işewürlere hödürlemek maksady bilen, “Miweli Ülke” hususy kärhanasy bilen, hemra aragatnaşygy arkaly ýokary tizlikli internet hyzmaty bilen üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.