Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Ýazylan

Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

At çapyşyklary — çapyksuwarlar üçin uly synagdyr. Atly sport adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Soňra baýramçylyk ýaryşlarynyň at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Bedew yhlasly zähmetiň netijesidir. Onuň gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi egsilmez güýjüň, tejribäniň, zehiniň we bedewlere bolan söýginiň aýdyň netijesidir. Türkmen halky halal zähmetiň gadyryny bilýär. Ahalteke bedewleri bolsa yhlasly zähmetiň beren miwesidir. Bedewler toý baýramlarynyň şowhunyny artdyrýar.

Halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýar. Onuň esasy bezegi bolsa gyzykly geçýän at çapyşyklarydyr.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.