“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygyna 7 ýyl doldy.

Ýazylan 27.04.2022

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Älem giňişligine 7 ýyl mundan öň, 28.04.2015-nji ýylda ABŞ-nyň Kanaweral burundan Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemrasy geostasionar orbita uçuryldy. 2015-nji ýyldan bäri, “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemrasy, hemra aragatnaşygynyň dürli hyzmatlaryny Türkmenistanyň çäginde, Ýewropada, Aziyada, we Ýakyn Gündogar yurtlaryndaky müşderilerimize üstünlikli ýerine ýetirip gelyär. “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy Tele we radio ýaýlym we Maglumatlary geçirmek ýaly dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Hyzmatdaşlarymyza bize ynam bildiryändikleri üçin öz minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.