Ýazylan
Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän iri halkara forum Türkmenistanyň energetika pudagyndaky gazananlaryny, täze maýa goýum mümkinçiliklerini we dünýä energetika bazaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Şu ýylky halkara maslahata we sergä dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşýar. Sergi meýdançasynda bolsa energetika pudagynyň esasy ugurlarynda işleýän 130-dan gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny hödürledi.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlary, pudagy döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar türkmen ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri, şol sanda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Hazaryň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini peýdalanmak we eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça taslamalar bilen tanyşdylar.
Sergä Türkmenistanyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýurdumyzyň hususy kärhanalary, şeýle hem dünýäniň iri energetika, inženerçilik we tehnologiýa kompaniýalary gatnaşýar. Olar nebitgaz ýataklaryny gözlemekden we özleşdirmekden başlap, çuň buraw tehnologiýalary, uglewodorod serişdelerini daşamak we saklamak ulgamlary, nebiti hem-de tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça döwrebap enjamlary we çözgütleri hödürleýärler.
Sergi meýdançasynda önümçiligi sanlylaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, ekologik taýdan arassa önümçilik, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de nebithimiýa pudagyny ösdürmäge gönükdirilen innowasion işläp taýýarlamalar giňden görkezilýär. Şeýle hem emeli aň bilen enjamlaşdyrylan adampisint robotyň tanyşdyrylmagy gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekip, Türkmenistanyň energetika pudagynda ylmy-tehnologik ösüşlere uly ähmiýet berýändigini görkezdi.
Halkara forumyň çäklerinde işewür duşuşyklar, tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary we pudaklaýyn gepleşikler geçirilip, maýa goýum taslamalary, enjamlary ibermek, tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» halkara maslahaty we sergisi Türkmenistanyň dünýä energetika ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlyklary ösdürmäge we energiýa howpsuzlygy boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmäge gönükdirilen möhüm platforma hökmünde çykyş edýär.