Ýazylan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ilkinji gezek neşe serişdelerini ýüze çykarmak we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, derňew geçirmek hem-de gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak bilen bagly «International Course for Senior Officer of Customs on Narcotics Identification and Narcotics Law Enforcement» atly halkara okuwyna gatnaşdy.
Okuw Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde guralyp, 2026-njy ýylyň 10 — 21-nji awgustynda bu ýurduň Melaka şäherindäki Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük akademiýasynda (AKMAL) geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi.
Okuwyň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Maksatnamanyň çäklerinde Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük gullugynyň iş tejribesi, halkara howa menzilinde we deňiz portlarynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen tanşyldy.
Bu ugur boýunça ilkinji sapar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň gümrük edaralarynyň arasynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, geljekde tejribe alyşmagy giňeltmek we halkara gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär diýlip, habarda bellenilýär.