Ýazylan 30.08.2018
Keln/Aşgabat, 2018-nji ýylyň awgust aýy. CETel “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi, ýapyk paýdarlar jemgyýeti we Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra operatory. Bu ylalaşygy döretmekligiň maksady özara işewürlik-gurşawy döretmeklik bolup durýar, ol bolsa öz gezeginde sebitiň hemra gulluklarynyň fiksirlenen esasynda, müşderileriň öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýär. Hemra "Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i "TürkmenÄlem 52.0E" diňe Türkmenistanyň çägini gurşap almak bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýany, Eýran,Türkiýe, Demirgazyk Afrika we Ýewropanyň uly bölegini hem tutýar. Ol Ku-diapazonyň 38 transponderini öz içine alýar, ýörite hemra aragatnaşygy we telewizion habar beriş ulgamyny işläp düzmek üçin taýýarlanan.Gündogar we Günbatar şöhleleri bu sebitde hereket edýän kompaniýalar üçin uly mümkinçilikleri ýetirýär.
Hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyga gol çekilenden soň, iki kompaniýa öz kompetensiýalaryny birikdirýär, we müşderiler öz taslamalaryny durmuşa geçirip biler, bu bolsa aňyrsyna geçýän birleşmeleri zähmetsiz dolandyrmaga, şol sanda tranzit birleşmeler, normatiw talapnamalar we ýerlerdäki goldawy öz içine alýar. Müşderiler Germaniýanyň merkezinde ýeleşýän, sebitde güýçli operator hemrasynyň gatnaşyk barlygyndan kemsiz örtgüli doly sertifisirlenen WTA teleporty bilen utgaşýan ikitaraplaýyn peýda gazanmaga mümkinçilik alyp biler.
“Biz bu hyzmatdaşlyga gol çekmäge örän şatdyrys we biziň toparymyz bu ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli güýçlerini sarp eder.Türkmenistanyň sebiti täsin gyzyklanmany galdyrýar, sebäbi ol özünde uly möçberde mineral resurslaryny jemleýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda Garagum çöli bolup, ol ýurduň çäginiň 80-%-ni eýeleýär, hemra aragatnaşygynyň easynda hojalyk gatnaşygyna mätäçdir.” –diýip, CETel dolandyryjy direktory düşündiriş berdi.
"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-niň direktorlyk borçlaryny ýerine ýetirýän Batyr Orazdurdyýew: “Bu hyzmatdaşlyk sebiti gurşap almaklygyň güýçli geljekki berkitmesine ýardam berer, esasan-da,mineral baýlyklaryň sektorynda,CETel–ň müşderi esasynyň taslamalaryna özüne çekiji ýüklemelerini ýetirip biler.Mundan başga-da CETel-ň ýüzünde biz ajaýyplygy üçin diňe bir gezek sylaglanmadyk we şahamçada meşhur bolan sylagy Teleport tapdyk we sabyrsyzlyk bilen biziň örtügimizde halkara müşderiler üçin iri ölçegli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine garaşýarys”.