Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy 80 ýaş toýy bilen gutlady

Ýazylan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistanyň ABŞ bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de olaryň mundan beýläk-de ösdürilip, pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, Serdar berdimuhammedow gutlagynda nygtady.

Donald Tramp 14-nji iýunda 80 ýaşyny doldurdy. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, ABŞ-nyp Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Источник: business.com.tm

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.