Türkmen döwlet uniwersitetinde ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýazylan

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Iňlis dili hünärmeni» (ELS) atly maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Okuw sapaklaryny ABŞ-nyň Ermenistan Respublikasyndaky uniwersitetiniň iňlis dili we aragatnaşyk dersleriniň lektory Brent Antony Andres alyp barýar.

Okuw sapaklary mugallymlar üçin 1 — 5-nji iýun aralygynda, talyplar üçin 8 — 12-nji iýun aralygynda geçiriler.

Hünär kämilleşdirmek sapaklary emeli aňyň mümkinçilikleri arkaly iňlis dilini okatmak, okuw maksatnamalary düzmek, okuw serişdelerini, gollanmalaryny taýýarlamak usullaryny hem-de dil başarnyklaryny ösdürmäge, ylmy ýazuw, aragatnaşyk ediklerini we özbaşdak öwrenmek strategiýalary bilen bagly hünär kämilleşdiriş tejribelerini alyşmaga ýardam eder.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.