Türkmenistanyň lukmançylyk biliminde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ýazylan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Kazan şäherinde lukmançylyk simulýatorlaryny öndürýän MedVision we EIDOS Medicine öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistana ýokary tehnologiýaly okuw enjamlaryny ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde geçirilen çäreler Aziýa uniwersitetleri assosiasiýasynyň VII gurultaýyna hem-de IFTE-2026 Halkara pedagogik bilim forumyna gabat geldi. Forumda uniwersitetiň rektory Nabat Myratnazarowa çykyş edip, lukmanlary taýýarlamak ulgamyna emeli aňy, sanly platformalary we simulýasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň anyk usullaryny hödürledi.

Kazan federal uniwersitetiniň ýolbaşçylary — rektor Lenar Safin we Psihologiýa hem-de bilim institutynyň direktory, professor A. Kalimullin bilen geçirilen duşuşyklarda kliniki kafedralaryň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar, şeýle hem IT çözgütleriniň esasynda okuw enjamlaryny bilelikde öndürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň dowamynda Aziýa uniwersitetleri assosiasiýasynyň täze ýolbaşçysy saýlanyldy. Bu wezipä Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň milli uniwersitetiniň rektory Žanseit Tuýmebaýew saýlandy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.