Ýazylan
Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada guraljak saparyna taýýarlyk görýärler. Bu mesele Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we Geňeşiň agzasy bolan kompaniýalaryň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berdi
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika we senaagat ulgamlarynda, şeýle hem hususy pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meselelere garadylar.
Ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady ileri tutýan ugurlary barada maglumat berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellediler.