Ýazylan
Türkmenistan bilen Kambodža Aşgabat we Kambodžanyň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň arasynda göni awiareýsleri açmak mümkinçiligini öwrenýärler. Bu mesele şenbe güni Pnompende Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kambodžanyň syýahatçylyk ministri Huot Hakanyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Kambodžanyň Syýahatçylyk ministrligi habar berýär.
Taraplar Aşgabat–Pnompen we Aşgabat–Siemreap ugurlary boýunça uçuşlary açmagyň geljegini, şeýle hem syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar. Maýadarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we syýahatçylyk kompaniýalary üçin tanyşdyryş saparlaryny guramak, syýahatçylyk mümkinçiliklerini bilelikde ilerletmek we ýokary derejeli saparlary aktiwleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Kambodžanyň Syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä, taraplar iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda syýahatçylyk ulgamynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegini çaltlandyrmak meselesine hem seretdiler.
Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň Kambodža bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen medeni-taryhy ýadygärliklerini we lukmançylyk syýahatçylygynyň mümkinçiliklerini belläp geçdi.
Türkmen wekiliýetiniň 8-9-njy maýda Pnompene bolan saparynyň dowamynda Kambodžanyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda Kambodžanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji It Sofea we Kambodžanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Kit Meng bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.