Türkmenistan we Gruziýa sergileri, biznes forumlaryny guramaga gyzyklanma bildirdiler

Ýazylan

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Mergen Gurdow Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili, Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Georgiý Pertaýa hem-de Biznes we sebit ösüş departamentiniň direktory Georgiý Wekua bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar sergileri we biznes forumlaryny guramak boýunça gyzyklanma bildirip, bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda dokma senagatynda we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.