Türkmenistandan üstaşyr Hytaý–Owganystan täze multimodal ugry işe girizildi

Ýazylan

Türkmenistan Hytaýdan Owganystana ýükleri has çalt eltip bermäge giň mümkinçilik berýän täze multimodal ulag geçelgesiniň bir bölegi boldy.

“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, täzelenen ugur boýunça konteýnerlerli otly takmynan 7400 kilometr aralygy ortaça 30 günde geçýär, bu bolsa eltip bermek boýunça möhletleri gysgaltmaga we logistika netijeliligini ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär.

Bu ugur Hytaýdan ýükleriň demir ýol arkaly Gazagystandaky Altynköl stansiýasynyň üsti bilen iberilmegini, soňra Özbegistan arkaly “Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýetiniň Buhara logistika merkezine çenli eltilmegini we awtoulaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Soňra ýükler Türkmenistanyň çäginden geçip, Owganystanyň Hyrat şäherine çenli eltilýär. Şeýlelikde bu geçelge demir ýol we awtoulag infrastrukturasyny ulanýan ýeke-täk multimodal ugry emele getirýär.

Mundan ozal bu ugur boýunça daşamalar esasan deňiz ýoly arkaly — Hytaýdan Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli amala aşyrylyp, soňra bolsa ýükler gury ýer arkaly Owganystana ugradylaýardy. Täze geçelge eltip bermek hyzmatynyň möhletini gysgaltmaga we üpjünçiligiň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.