Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Ýazylan

Türkmenistan bilen Azerbaýjan gaz pudagynyň ösüş mümkinçiliklerini, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini, şeýle hem durnukly energetika ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Najaf 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu barada Rowşan Najaf özüniň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berdi.

Azerbaýjan tarapynyň bu çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň çakylygy boýunça guraldy.

Ozal Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy Türkmenistandaky nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.