Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi

Ýazylan

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan köptaraplaýyn çärelere, şol sanda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky duşuşyklara işjeň gatnaşýar. Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň strategik gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.

Köptaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystana degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy, taraplaryň bu ugurlardaky garaýyşlary beýan edildi. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak babatda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hereketler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, bilim-ylym ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine hem üns berildi. Şeýle-de “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik gepleşikler we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmäge gönükdirilen işlere seljerme berildi. Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda geçen ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” sammitinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän meseleler beýan edildi.

Iki sebit üçin gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmek teklip edilýär. Ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gämi gurluşygy, dokma senagaty ýaly pudaklarynda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Işewürlik geňeşini döretmek barada öňe süren teklibini durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan şu ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Hususan-da, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky teklipleriň durmuşa geçirilmegi üçin tagallalary birleşdirmek teklip edilýär. Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň hemişelik edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de türkmen tarapy medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketleri güýçlendirmäge uly itergi berjek Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslaryny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek üçin täze resminamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen, Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda kinofilm surata düşüriler, sahna oýny goýlar, şanly senä gabatlanyp, çäreleriň giň toplumy geçiriler.

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklar döwletara dialogyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara saparlary yzygiderli guramagyň we parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň tejribesiniň toplanandygy bellenilip, ony işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyna üns çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de “Merkezi Aziýa+” formatynyň çäklerindäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.

Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar geňeşmeleriň esasy meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda dürli pudaklarda, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesine garaldy. Şeýle-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky duşuşygyny guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, söwda merkezini gurmak we serhetýaka söwda zolaklarynda bilelikdäki söwda öýlerini işe girizmek bilen baglanyşykly işleri işjeňleşdirmäge üns berildi. Suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan çäreleriň wajypdygy nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Aýlagdaky arap döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Türkmen döwleti bu ýurtlar bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. Sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi türkmen döwletiniň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.