Türkmen telekiçileri hemra internetyndan peýdalanyp başlady

Ýazylan 07.12.2021

Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, “TürkmenÄlem 52.0 E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly ýokary hilli internet hyzmatyny ýurdumyzyň dürli künjeginde zähmet çekýän işewürlere hödürlemek bilen, “Miýesser”, “Datly şerbet”, “Ak Ýol-2” we “Altyn Nesil” hususy kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri bilen, hemra aragatnaşygy arkaly ýokary tizlikli internet hyzmaty bilen üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.