Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ýazylan

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2026-njy ýylyň 25-nji martynda Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen geçiren duşuşygynda türkmen tarapynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Türkmenistana saparyny ýapon tarapy üçin amatly wagtda guramaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Atadurdy Baýramow 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparyny guramakda berlen goldaw üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Taraplar ýokary derejeli saparlaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de Aýano Kunimitsu häzirki ýagdaý bilen baglylykda Eýrandan ýapon raýatlarynyň howpsuz çykarylmagy üçin ynsanperwer geçelgäni döretmekde ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.