Ýazylan
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow 2026-njy ýylyň 23-nji martynda “Green EXPO 2027 Yokohama” halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda “Green EXPO 2027 Yokohama” halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Green EXPO 2027 Yokohama” halkara bagbançylyk sergisi 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriler.
Duşuşygyň barşynda türkmen ilçisi 2027-nji ýylyň dowamynda geçiriljek “Green EXPO 2027 Yokohama” halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin ýurduň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi barada habar berdi.
Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmak meýilleri üçin minnetdarlygy beýan etdi hem-de guramaçy assosiasiýanyň ýurduň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow 2026-njy ýylyň 25-nji martynda Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy.