Türkmenistan we Hindistan dökün önümçiliginde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Ýazylan

Türkmenistan bilen Hindistan dökün önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annammämmedow bilen Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda garaldy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem taraplar senagat, gurluşyk we himiýa pudagy ugurlarynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ozal Türkmenistan bilen Hindistan iki ýurduň işewür toparlary üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge ukyply täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini hem maslahatlaşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.