Ýazylan
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabr aýynda üçünji Türkmenistan – BAE işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu mesele Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) ilçisi Baýram Baýramowyň çarşenbe güni Şarja Söwda-senagat edarasynyň başlygy Abdulla Sultan Al-Owaýs we BAE Söwda-senagat edaralar federasiýasynyň baş sekretary Hamid Muhammed bin Salem bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Al Khaleej” neşiriniň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BAE-niň we Türkmenistanyň häzirki maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürlik kuwwaty boýunça pikir alyşdylar.
Abdulla Sultan Al-Owaýs ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň we işewür toparlaryň saparlarynyň alyş-çalşynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol işewür jemgyýetleriň arasynda göni hyzmatdaşlygyň söwdanyň ösdürilmegine we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde BAE-niň Söwda-senagat edaralar federasiýasynyň ykdysady, söwda we maýa goýum ugurlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Ikinji Türkmenistan – BAE işewürlik forumy 2025-nji ýylyň oktýabrynda Şarža Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi.